Biz Barada "Päk Nesil"

"Päk Nesil" Okuw Merkezi barada

“Päk Nesil” hojalyk jemgyýeti, 2012-nji ýylyň mart aýynda döredildi. Hojalyk jemgyýeti, Hormatly Prezidentimiziň ýaşalara «Siz Ýaşlar, daşary ýurt dillerini kämil derejede bilmeli» diýen paýhasly sözünden ugur alyp, Bagtyýar zamanamyzyň iň gymmatly hazynasy bolan ýaş neslimize daşary ýurt dillerini öwretmek, şeýle-de kompýuter sowatlylygyny artdyrmak maksady bilen işe başlady.

“Päk Nesil” hojalyk jemgyýeti, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen ygtyýarnama esasynda tölegli okuwlary ýerine ýetirýär. Iňlis, rus, fransuz, nemes dilleri bilen bir hatarda matematika we kompýuter sowatlylygy okuwlaryny okadyp üstünlikli tamamlan diňleýjilere şahadatnama berýär.

Okuw merkezlerimizde zähmet çekýän mugallymlar, belli synaglar, gepleşikler we edinen tejribeleri esasynda saýlanyp alnan mugallymlardyr. Mugallymlara yzygiderli döwrebap metodiki goldaw berilýär. Özara mugallymçylyk seminarlary gurnalýar. Okuw merkezlerimizde agzybir, işjeň kollektiw zähmet çekýär.

Hojalyk jemgyýeti, häzirki wagtda bilim ulgamynda gysga möhletli okuwlary üstünlikli gurnap, köp sanly diňleýjileriň bilimlerini artdyrmakda ýokary hilli hyzmat edýär. Biz tapawutly çemeleşýäris!